img
ПОСОЛЬСТВО ТУРКМЕНИСТАНА
ИСЛАМСКАЯ РЕСПУБЛИКА АФГАНИСТАН - КАБУЛ
2026 год - "Независимый, постоянно нейтральный Туркменистан
— родина целеустремлённых крылатых скакунов"
img

TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ UGRY BOÝUNÇA OWGANYSTANDA TIGIRLI ÝÖRIŞ GEÇIREN HYRATLY WELOSIPEDÇILER BILEN DUŞUŞYK

photo

2022-nji ýylyň 22-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygynda hyratly “DAWANDER” welosipedçiler topary bilen konsullygyň işgärleriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda owgan tarapyna türkmen-owgan dostlugyny we TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýetini mahabatlandyrmaga gönükdirip Owganystanda geçiren tigirli ýöriş çäresi üçin minnetdarlyk bildirildi we sowgatlar berildi.

Ýatlap geçsek, Hyradyň “DAWANDER” welosipedçiler topary şu ýylyň 9-15-nji oktýabry aralygynda, “TOPH taslamasy – parahatçylygyň nyşany” şygary astynda Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinden Kandagar welaýatynyň owgan-pakistan serhetýaka Spin-Boldak etrabyna çenli aralykda tigirli ýörişi geçirdiler.

TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ UGRY BOÝUNÇA OWGANYSTANDA WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIREN HYRATLY WELOSIPEDÇILER BILEN DUŞUŞYK | ГЕРАТ, ИСЛАМСКАЯ РЕСПУБЛИКА АФГАНИСТАН - КОНСУЛЬСТВО ТУРКМЕНИСТАНА (tmconsulate.gov.tm)