img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖWLET MUZEÝINDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENI MIRASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

photo

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklary Milli merkeziniň we Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Ösüşiň belent ýolunda milli mirasa sarpa» at bilen maslahat geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Milli bilim institutynyň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar öz çykyşlarynda türkmen zergärleriniň gadymy döwürlerden bäri döredýän milli şaý-sepleriniň aýratynlygy barada jikme-jik durup geçdiler.

Ýygnananlar milli el hünärleriniň we halyçylyk sungatynyň jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasymyzyň bir bölegidigini bellediler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65433/dowlet-muzeyinde-turkmenistanyn-medeni-mirasyna-bagyslanan-maslahat