DIWAR ÜÇIN BEZEGLER

photo

«Gültaraş» hususy kärhanasy bezegli asma potoloklary öndürmegi özleşdirdi. 

Diwara  ýelmenýän suratly bezeg kagyzlary öndürmek üçin, kärhana ýokary mümkinçilikli ösen tehnologiýa enjamalary ulanýar. 

– «Gültaraş» HK-da ýokary aýdyňlykda alnan surat arhiwi bar, – diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Sahymyrat Abdyrasulow aýdýar.

 – Diwar kagyzlarynda Türkmenistanyň tebigaty, tropik täsinlikler, fransuz pastorallary, geometrik şekiller, tokaý jandarlary, relýefler we fakturalar şekillendirilip bilner. Şu usulda döredilen çeper diwar kagyzlary diňe bir ýaşaýyş otagyny bezemäge mümkinçilik bermän, eýsem ony çagalar otagyna, ýatylýan otaga, myhman otagyna ýa-da döredijilik iş otagyna öwürmäge mümkinçilik berýär. 

Geljekde telekeçiler açyk we doýgun nagyşlary taýýarlamak üçin, wagtyň geçmegi bilen  könelmeýän we daşky täsirlerden zeper ýetmeýän, ýöne diňe ultramelewşe şöhleleriniň täsiri astynda gatap bilýän ultramelewşe reňkleri ulanmagy meýilleşdirýärler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65767/diwar-ucin-bezegler