img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«OWADAN ÜLKÄNIŇ» ÖNÜMLERI

photo

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Owadan ülke» kärhanasynyň hünärmenleri möwsümi dürli görnüşli miweleriň mürepbesini çykarmak bilen başladylar.

Dükanlaryň tekjelerinde oňaýly aýna gaplarda «Nur» we «Mylaýym» söwda belgileri bilen erik, ülje, ýertudana, böwürslen mürepbeleri, konserwirlenen gök-miwe önümleri, miwe jemleri, goýultmalar we ajiga peýda boldy. Bu azyk önümler fermer hojalyklarda ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa miwelerden we gök önümlerden taýýarlandy.

«Owadan ülke» kärhanasynda maýonez we margarin öndürmek ýola goýuldy. Arassalanan pagta ýagynyň esasynda tokaý hozy, soýa we gaýry zatlar goşulmazdan, hakyky kakaoly pasta öndürilýär.

Täze önümler – diňe bir içerki bazarlara däl, eýsem eksporta niýetlenen önümleriň görnüşini artdyrmaga çalyşýan türkmen hususyýetçileriniň üstünligidir.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65859/owadan-ulkanin-onumleri