KÄRINE USSATLARYŇ BÄSLEŞIGI

photo

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işgärleriniň arasynda kärine ussatlaryň bäsleşigi başlandy. Oňa «Türkmenenergo» Döwlet elektroenergetiika korporasiýasynyň önümçilik birleşikleriniň gaz turbinaly we bug elektrik beketleriniň işgärleri gatnaşýarlar. 9-njy sentýabra çenli dowam edýän bäsleşikde energetika ulgamynda işleýän işgärleriň hünär ussatlygynyň derejesine baha bermek göz öňünde tutulýar.

Ýaryş dürli ugurlardan birnäçe tapgyrda geçiriler. Edaralarynda ýerine ýetirýän işlerine laýyklykda bäsleşige gatnaşýanlaryň iş tejribesi göz öňünde tutular. Mysal üçin, Mary Döwlet elektrik stansiýasynda gazturbinaly beketleriň ählisiniň işgärleri (awtomatik ulgamlary dolandyrmak boýunça operatorlar we esasy inženerler), şeýle-de bug elektrik stansiýalarynyň turbina we bug gazany sehleriniň çalşyk ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşýanlar taglymat we iň täze tehnologiýalar, ulanyş tehnikasy, tehniki howpsuzlyk babatda bilimleri, özüne ynanylan enjamlarda heläkçilikli ýagdaýlaryň öňüni almaga başarnygy bilen hünär ussatlygyny subut etmelidiler. Olaryň bilimini we başarnygyny barlamak üçin inžener-energetikleri okatmak üçin ulanylýan gaz turbinasynyň nusgasyndan peýdalanyldy.

«Lebapenergo» önümçilik birleşiginde Türkmenistanyň welaýatlarynyň we şäherleriniň ählisiniň elektrik ulgamlarynyň işgärleri, şeýle hem «Türkmenenergoabatlaýyş» ýöriteleşdirilen ÖB-niň ussalary bäsleşdiler. Elektrik geçriiji liniýalara we tok bölüjilere, enjamlara, elektrik kiçi beketlere, rele goragy enjamlaryna hyzmat edýän gulluklaryň işgärleri bäsleşik meselelerini çözdüler.

Bäsleşige gatnaşýan toparlaryň we energetika desgalarynyň işgärleri hünäre ussatdyklaryny subut etdiler. Ýaryşyň ýeňijlerine gymmatly sowgatlar, pul baýraklary we Hormat hatlary gowşurylar. Energetikler kärdeşler arkalaşygynyň taýýarlan medeni çäresiniň çäklerinde, bäsleşige gatnaşanlar Murgap derýasyndaky köne Hindiguş elektrik stansiýasyna baryp görerler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/66087/karine-ussatlaryn-baslesigi