AHALYŇ TÄZE MERKEZI – «AKYLLY» ŞÄHER
Ahal welaýatynyň gurluşygy dowam edýän dolandyryş merkeziniň birinji tapgyry geljekki şäheriň nusgasy ýaly görünýär, çünki bu ýerde binadyr desgalar toplumy gurulmak bilen bir wagtda, häzirkizaman köp ugurly we rahat ýaşaýyş gurşawy emele getirilýär.
Merkeziň gurluşygynyň birinji tapgyrynda gurluşykçylar 700 gektara golaý meýdanda 384 desganyň, şol sanda 12 müňden gowrak maşgalanyň ýaşajak 258 jaýyny bina edipdir. 64 sany dolandyryş we jemgyýetçilik binasynyň, lukmançylyk we sport desgalarynyň, şeýle hem inženerçilik infrastrukturasy bilen baglanyşykly desgalaryň gurluşygy tamamlanyp barýar. Muzeýiň, kitaphananyň, sirkiň, häkimlik binasynyň we beýleki hökümet binalarynyň mermer bilen örtülen diwarlarynyň boýy ýetirilipdir.
Islendik şäher özümiz nähili gursak, şeýle bolar. Gurluşykçylar göçüp geljeklere dürli gatly jaýlarda giň, ýagty öýleri, amatly liftleri, abadanlaşdyrylan howlulary, elýeterli hyzmatlary, çagalar üçin meýdançalary, şäher gurşawynyň emeli akyl ýetiriş bilen jebis arabaglanyşygyny hödürleýärler.
Bu rahat gurşawy döretmek bilen gurluşykçy, şäher giňişligini owadan we amatly dünýä gurmak üçin başlangyç nokada öwürmäge synanyşýar. Bu «täze dünýä» ajaýyp ýerde – Köpetdagyň eteginde döredilýär. Ýurdumyzyň tebigy gözelligini goramak üçin, ol şäher medeniýeti, hem ekologiýa taýdan görelde bolmalydyr. «Ýaşyl» tehnologiýalar bu ýerde diňe bir tebigy gözelligi saklamak üçin däl, eýsem ilatyň has rahat ýaşamagy, netijeli işlemegi, okamagy, gowy dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin hem zerurdyr. Daşky gurşawy gurnaýan dizaýneriň (urbanist) baglaryň ýerleşişine we ýaşaýyş meýdanynyň içinde abadanlaşdyrylan hem bag-bakjaly meýdançanyň döredilmegine aýratyn üns bermegi tötänden däldir. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi, hem täze şäher medeniýeti, hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan görelde bolmalydyr. Hakyky bagabat!
Jemgyýetçilik desgalaryny, şol sanda mekdepleri, çagalar baglaryny häzirki zamanyň täze tehnologiýalary we sanly ulgamlar bilen enjamlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. «Akylly şäher» düşünjesiniň durmuşa geçirilmegi ösen maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny we internet çeşmelerini sosial hem durmuş jähtinde birleşdirmäge esaslanýar. Bu ýerde şäher gurşawynyň emeli akyl ýetiriş bilen jebis arabaglanyşygy ilkinji gezek aýdyň ýüze çykýar, bu köp sanly adaty amallary tehnologiýa «tabşyrmak» bilen adamy olardan «halas edýär».
«Akylly» jaýlarda sanly ulgamlaryň kömegi bilen töweregiň (gapylaryň we penjireleriň) bitewüligine gözegçilik edilýär, ýanaşyk ýerlerde wideo gözegçiligi üpjün edilýär. Olar suw syzmasyny, howla girilmegini, islendik hereketi, ýat adamyň barlygyny, gapynyň açylýandygyny duýýan enjamlar, dolandyryjydan gelýän buýruklary ýerine ýetirmek bilen howpsuz ýaşaýşy üpjün edýän enjamlar, ýagny hasapçylar, elektrik hereketlendirijilleri, suw kranlaryny, rozetkalary gulplar bilen enjamlaşdyrylyp bilner.
Ahal-sitidäki ýaşaýyş jaýlarda kompýuter tehnologiýalary we enjam arkaly öwrediş bilen birleşdirilen müňe golaý lift gurulýar. Döwrebap «akylly liftleri» dolandyrmak üçin, bu ýerde köp faktorlary: hereketiň tizligini, howpsuzlygyny, ýolagçylaryň amatlylygyny, garaşma wagtyny we başgalary göz öňünde tutup, ýolagçy liftiniň hereketine gözegçilik etmek üçin, awtomatik ulgam girizilipdir.
«Elýeterli gurşaw» maksatnamasy boýunça desgalary uýgunlaşdyrmagyň möhüm tapgyry eskalatorlar we liftler bilen enjamlaşdyrylan ýerasty geçelgeler, şeýle hem ses we yrgyldy modullary bilen enjamlaşdyrylan ýol çyralary bolar. Ýaşyl yşyk ýananda, yrgyldy we ses duýduryşy işlär. Olar çala eşidýänlere we ýoluny çala saýgarýanlara ýoldan geçmek bolýandygyny habar berýärler.
«Akylly şäher» pikiri, adatça, dolulygyna kompýuter tehnologiýalary bilen baglanyşdyrylýar. Eýsem-de bolsa, Ahal merkezinde gurluşykçylar alternatiw düşünje hödürleýärler. Bu ýerde ýerasty pyýada ýollar emeli akyl ýetiriş (taktil) görkezijiler bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýörite asfalt örtükleri maýyplaryň hereketini has amatly edýär we howpsuzlaşdyrýar. Emeli akyl ýetiriş (taktil) plita – göz taýdan maýyplara pyýada ýolunyň çylşyrymly böleklerinde gitmeli ugurlaryny hiç bir kynçylyksyz, rahatlyk bilen anyklamaklaryna, özlerini howpsuz we rahat duýmaklaryna kömek etmek üçin täsirli çözgütdir.
Dolandyryş merkezinde maglumat merkezi – ýeke-täk maglumat ammary, şeýle hem ýaşaýjylara töleg tölemäge, dürli maglumatlary almaga we ş.m. mümkinçilik berýän umumy şäher maksatnamasy işlär.
«Akylly şäher» düşünjesini durmuşa geçirmegiň çarçuwasynda, şäherlerde we şäherçelerde arassaçylygyň berjaý edilişi barada aýdylanda, tehniki enjamlaryň kömegi bilen özüniň dolandygyny degişli gulluklara habar berip biljek «akylly» zibil gaplaryny oturtmak üçin ýörite maksatnama düzülýär.
Öňe gidiş özgerişler ýoluna giren Türkmenistan hem «akylly» şäherler düşünjesini durmuşa geçirmäge öz öňünde maksat edip goýandyr. Şeýlelik bilen, rahat ýaşamak üçin ähli şertleri bolan häzirki zaman şäher ýakyn wagtda Köpetdagyň eteginde peýda bolar. Bu Watanymyzyň Bagtyýarlyk zamanasynda öňe gidişiniň ýene bir aýdyň ýüze çykmasy, şeýle hem, türkmen halky üçin buýsanç çeşmesi bolar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/66175/ahalyn-taze-merkezi-akylly-saher