SUNGAT ESERLERI RUHY BAÝLYGYŇ ÇEŞMESIDIR
«Heýkellerdir suratlar, olary synlara jan berýär» diýen söz bar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi, Çeperçilik akademiýasynyň galereýasy we ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zaly paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna sungata aralaşmaga yzygiderli mümkinçilik berýär.

Bu ýere gelýänler muzeý giňişliklerinde diňe bir häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň işleri bilen tanyşman, eýsem olaryň özleri bilen-de söhbetdeş bolup bilýärer. Ýakynda geçirilen Mary welaýatynyň ussatlarynyň sergisi muňa aýdyň mysaldyr.

Köp oňyn seslenme alan bu surat sergisi halk köpçüliginde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Mary welaýatyndan gelen suratkeşler zehinli ýaşlar, öwrenje portretçiler we şekillendiriş sungatynyň muşdaklary bilen birnäçe döredijilik duşuşyklaryny geçirdiler, şeýle hem kärdeşleri bilen pikir alyşdylar.

Döredijilik söhbetleri, birek-birek we sungatyň muşdakalary bilen işjeň aragatnaşyk döredijilik bilen meşgullanýanlaryň işiniň möhüm düzüm bölegidir. Suratkeş Aýbibi Amangylyjowa kärdeşleriň goldawynyň çeper zehiniň ösmegine nähili güýç berýändigi barada gürrüň berdi.
Häzirki wagtda bu suratkeş Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň eýesi, ýaş zehinlere kompozisiýanyň we surat çekmegiň esaslaryny öwredýär. Eýsem-de bolsa, bir döwür çeperçilik mekdebiniň bu uçurymy öz ukybyndan el çekmek hakda-da oýlanypdy.

– Men kiçijekkäm surat çekip başladym – diýip, Aýbibi Amangylyjowa gürrüň berýär. – Çagalygymda gök reňkiň özümi haýran galdyrandygy ýadymda. Şonda men öýümiziň ähli diwarlaryny gök galam bilen çyr-çyrşak etdim. Atam-enem munuň üçin maňa käýemän, meni çeperçilik mekdebine äkitdiler. Şol pursatdan-da meniň hünär ýolum başlandy.

Aýbibi uzak ýyllap öz zehinine şübhelenýärdi. Ulalanda ýüze çykan bir ýagdaý onuň özüne bolan ynamyna täsir etdi. Bir synpdaşy oňa uly molbert, birnäçe çotga we reňk iberip: «Aýbibi, surat çek! Hiç zady alada etme, surat çek!» diýip, maslahat berdi. Içki dünýäsine, çagalyk ýatlamalaryna ýüzlenip we daş-töweregine syn edip, suratkeş ýene-de işe başlady. Ýöne indi aň-düşünjeli we çynlakaýlyk bilen başlady.
Aýbibi öz suratlaryny döretmek üçin ylhamy halkymyzyň baý taryhy we medeni mirasyndan tapýar. Ol çekýän suratlaryndaky her keşbi öz düşünişi we many berişi bilen dolduryp, türkmen aýal-gyzlarynyň we eneleriň durmuşyny beýan edýär.
Suratkeşiň aýtmagyna görä, sergilerdäki sungat eserlerini synlamak ruhy taýdan baýlaşmagyň çeşmesidir we hemmetaraplaýyn ösüşe ýardam edýär, bu bolsa talyp ýaşlar üçin aýratyn-da möhümdir.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67105/sungat-eserleri-ruhy-baylygyn-cesmesidir