AMATLY ŞÄHER GURŞAWY

photo

Döwrebap şäher gurluşygynyň talaplaryna laýyklykda Daşoguz şäherinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Şäheriň toplumlaýyn abadanlaşdyrylmagy we oňaýly şäher gurşawynyň döredilmegi bu işiň möhüm ugurlarynyň biridir.

Yzygiderli amala aşyrylýan çäreler netijesinde indi Alp Arslan köçesinde-de çagalaryň we ulularyň işjeň dynç almagy üçin täze ýer döredildi. Gül-pürçüge bürenip oturan bu zolakda ýakyndaky köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýanlar üçin täze çagalar oýun meýdançasy guruldy we dürli ýaşdaky şäherlileriň arassa howada sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin açyk asman astyndaky sport trenažýorlary oturdyldy.

Demirgazyk sebitiň dolandyryş merkezini ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesinde soňky ýyllarda ösen durmuş infrastrukturasyny döretmäge, şol sanda çagalaryňdyr ulularyň işjeň hem-de peýdaly dynç almagy üçin desgalara uly üns berilýär. Soňky ýyllarda bu ýerde gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ählisi döwrebap howpsuz çagalar oýun ýa-da sport meýdançalary bilen üpjün edilýär. Mundan başga-da, şäheriň köne sebitlerinde hem şeýle desgalar yzygiderli bina edilýär. Olar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänlere peýda getirmek bilen birlikde oýlanşykly şäher gurluşygynyň, şol sanda boş ýatan ýerleri netijeli ulanmagyň nusgadyr we şäheriň estetiki keşbiniň wajyp bölegidir.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67188/amatly-saher-gursawy