img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI «HALK HAKYDASY» ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GÜL GOÝDY

photo

Günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna bardy.

Bu ýerde belent mertebeli myhman milli gahrymanlaryň – edermen Watan goragçylarynyň hakydasyny ebedileşdiren «Baky Şöhrat» ýadygärligine gül goýdy.

Özbek Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen «Watan mukaddesligi» muzeýi bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67229/ozbegistan-respublikasynyn-prezidenti-halk-hakydasy-yadygarlikler-toplumyna-gul-goydy