img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TDHÇMB-NYŇ GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 54 MILLION 250 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, awiakerosini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 54 million 250 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 2 million 860 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67296/tdhcmb-nyn-gelesiklerin-jemi-bahasy-abs-nyn-54-million-250-mun-dollaryndan-gowrak-boldy