SENETÇILIK ONUŇ SÖÝGÜLI KÄRI

photo

Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň zehin-yhlasyndan dörän ajaýyp tebigaty, milletiň milli ruhuny, şahyrana dünýäsini, ynsanperwer ýagşy niýetlerini şöhlelendirýän sungat eserleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli mirasy, onuň köpöwügünliligi we hiç milletiňkä meňzemeýän milli aýratynlygy dünýä halklaryny haýrana goýýar. Inçeligi, nepisligi, çeperçilik taýdan ýokary derejede sazlaşygy, gözelligi bilen özüne imrindirýäm milli mirasymyzyň ajaýyp eserleriniň döreýşini bilmek, şeýle ajaýyplygy özüň döretmäge synanyşmak hem tebigy ýagdaýdyr. Sungatyň beýikligi hem onuň ähli halklar we milletler üçin düşnükliligidir we jadylaýjy özüne çekijiligidir. Megerem, Wera Miloşewiçi özüniň başga milletiň wekilidigine garamazdan halkymyzyň milli senetçiliginiň täsin dünýäsine getiren sungatyň jadylaýjy gudratydyr.

Wera Miloşewiçiň surat çekmeklige bolan höwesi Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdepde okaýarka ýüze çykýar. Onuň zehinini ilki bolup duýan, oňa çeperçilik äleminiň inçe syrlaryny öwreden bu mekdebiň surat mugallymy Nikolaý Wasilýewiçi Wera minnetdarlyk bilen ýatlaýar. Ýöne, ykbal zehinli gyza başda başgaçarak daraýar. Ol orta mekdebi tamamlandan soňra, ene-atasynyň maslahaty bilen hasabatçy hünäri boýunça başlangyç hünär, soňra bolsa Türkmenabadyň tehniki orta hünär okuw mekdebini tamamlaýar. Wera Milowewiç alan hünäri boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa kärhanasyna işe iberilýär. Haçan-da ol bu uly kärhananyň çägi bilen tanşyp ýörkä keramiki önümleriň ýasalýan bölüminiň üstünden barýar we öz tamamlan hünäri boýunça däl-de şu ýerde işlemeklige isleg bildirýär. Kärhananyň ýolbaşçylary Weradan surat çekip görkezmegini soraýarlar. Onuň çeken kämil suratlaryny görüp, ony bada-bat bu bölüme işe alýarlar. Bu elbetde, ýaş, zehinli gyzyň sungata bolan bimöçber höwesiniň üstün çykmagydyr.

Wera Miloşewiç uly höwes bilen bu ýerde işe başlaýar. Ol ilki bilen bu ýerde köpden bäri zähmet çekýän ussat halypalardan irginsiz öwrenýär. Bu babatda oňa tejribeli hünärmen, pensiýa ýaşyna ýetendigine garamazdan özüniň köpýyllaryň dowamynda toplan tejribesini ýaşlara irdinsizlik bilen öwredýän Narzulla Kadyrow halypalyk edýär. Bu hünäre bolan yhlas, tutanýerli zähmet onuň aýratyn zehini bilen utgaşyp, Wera Miloşewiç türkmen milli sungaty boýunça ussat hünärmen bolup ýetişýär.

Ýyllar geçýär. Wera Miloşewiç eýýäm on ýyldan bäri bu ýerde zähmet çekýär. Onuň ýönekeý palçykdan ýasan keramiki önümleri – milli äheňli wazalary, küýzeleri, muzeýleri, dürli derejedäki sergileri, edara-kärhanalaryň ofislerini, mekdeplerdir çagalar baglaryny, medeniýet edaralaryny, bagtyýar ýaşaýjylarymyzyň öýlerini... bezeýär. Weranyň alyjylaryň sargytlaryny özüniň fantaziýasy bilen baýlaşdyryp, zehin siňdirip ýasan önümleri uly meşhurlyga eýe bolýar. Onuň ýasan keramiki eserleriniň dürli derejeli sergilerde ýokary bahalara mynasyp bolandygyny aýdyp geçmek hem buýsançlydyr.

Döredijiligiň, kämilligiň çägi ýok. Özüniň çeperligi, gözelligi, forma taýdan täsinligi bilen türkmen dünýäsiniň milli aýratynlyklaryny, ajaýyplyklaryny beýan edýän eserleriniň sany barha artýar. Biz hem öz ykbalyny türkmen milli mirasynyň täsin dünýäsi bilen baglan, keramiki eserleriň ussady Wera Miloşewiçiň sungatynyň muşdaklarynyň pikirlerine goşulyp, oňa täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67317/senetcilik-onun-soyguli-kari