«ENERGETIK», «AŞGABAT» WE «ŞAGADAM» HAS GÜÝÇLI BOLUP ÇYKDY

photo

Maryda, Aşgabatda we Balkanabatda bolan üç oýun bilen başlanan Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyry gyzykly başlandy.

«Energetik» bilen «Merw» şu möwsümde üçünji gezek duşuşdylar. Öňki oýunlaryň ikisi-de «Merwiň»: birinji tapgyrda – 2:1, ikinjide – 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlanypdy. Bu bäsleşiklerdäki üç pökginiň hemmesini-de Alibek Abdyrahmanowyň öz adyna ýazandygyny bellärliklidir.

Üçünji bäsleşikde «Energetik» şowly hüjüm edip, 1:0 hasabynda yeňiş gazanmagy başardy. Bu duşuşykda ýeňiş pökgüsini 82-nji minutda Musa Nurnazarow tora geçirmäge başardy.

Şu ýyl paýtagtymyzyň iki toparynyň – «Aşgabat» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky duşuşygyň taryhynda-da şuňa meňzeş boldy. Birinji tapgyrda «Köpetdag» soňky minutlarda güýçli hüjüm edip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ikinji tapgyrda bolsa her oýunda iki pökgi geçiren Begenç Akmämmedowyň tagallasy bilen, ynamly 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Üçünji Aşgabat duşuşygy başda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary üçin hem şowly boldy. Begenç Akmämmedowyň nobatdaky şowly urgualary (16-njy we 19-njy minut) netijesinde «Köpetdag» 2:0 hasabynda öňe saýlandy. Şeýle-de bolsa, artykmaçlygy elde saklap bilmedi. Arakesmä çenli «Aşgabat» iki jogap pökgüsini geçirdi, arakesmeden soň bolsa «Köpetdag» derwezesine ýene iki pökgi geçirtdi. Ýer eýelerinden Döwran Berdiýew iki pökgi (36-njy we 52-nji), bir pökgini bolsa Toýmämmet Sähetmämmedow öz atlaryna ýazdylar (45 + 2). Bu oýunda ýene iki pökgini «Köpetdagyň» oýunçysy Batyrgylyç Berdiýew tora girizdi. Ilkibaşda 62-nji minutda ol pökgini öz toparynyň derwezesine saldy, soň bolsa, 75-nji minutda garşydaşlarynyň derwezesine pökgi geçirdi.

«Aşgabat» 4:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, öz yzyndan gelýän «Energetikden» 4 utuk aratapawudy elde saklamak bilen, 6-njy orunda galdy.

Balkanda «Nebitçi» we Türkmenbaşynyň «Şagadamy» şu çempionatda üçünji gezek duşuşdy. Öňki iki oýunda üstünlik «Şagadama» ýar bolupdy – 1:0 we 6:1.

Hazaryň kenaryndan gelen topar bu gezek has güýçli bolup çykdy, ol 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňijilerden Yhlas Magtymow (12-nji minutda) we tora üç pökgi salan (21-nji, 39-njy we 80-nji minutlarda) Kerim Hojaberdiýew saýlandylar. «Nebitçiden» Arslan Ýollyýew (14-nji minutda) bilen Maksat Çagbalyýewiň hersi bir (79-njy minutda) pökgini garşydaşlarynyň derwezesine geçirmäge başardylar. 72-nji minutda Muhammet Annaýewiň oýundan çykarylmagy sebäpli, «Nebitçi» oýny azlykda tamamlady.

Bu ýeňişden soň 22 utugy bolan «Şagadam», dördünji orunda barýan «Merwe» has golaýlaşdy. Üçünji orny 25 utukly «Köpetdag» eýeleýär.

Ilkinji iki ýeri bolsa aralaryndaky oýun bilen 16-njy tapgyry tamamlajak «Ahal» (41 utuk) we «Altyn Asyr» (34 utuk) eýeleýär. Bu, liderleriň şu möwsümdäki üçünji oýny bolar. Birinji tapgyryň duşuşygy deňlikde 1:1 hasabynda tamamlanypdy, ikinji tapgyryň oýnunda «Ahal» 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67300/energetik-asgabat-we-sagadam-has-guycli-bolup-cykdy