TEHNIKI PIKIRIŇ ÝADYGÄRLIGI
Murgap jülgesiniň iň gadymy önümçilik desgalarynyň biri bolan Hindiguş suw elektrik stansiýasy özüniň 110 ýyllyk ýubileýini bellemäge taýýarlanýar. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Murgap derýasynyň ugrunda gurlan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy barada gürrüň edip, ony «tehniki pikiriň ýadygärligi» diýip atlandyrdy. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň kemala gelmeginiň gözbaşynda duran bu desganyň gurluşygy 1909-nji ýylda başlanyp, 1913-nji ýylda ol doly işe girizilipdir.

Hindiguş gidroelektrik stansiýasy Baýramaly şäherinde ýerleşen patyşa mülküne, şeýle-de ol ýerdäki pagta arassalaýjy zawoda we ýag kombinatyna elektrik toguny bermek maksady bilen bina edilipdir. Murgap derýasynyň Hindiguş bendinden inýän suwuň güýjünden öndürilen elektrik energiýasy öň ulanylan bug we nebit dwigatelleri çalyşmaga mümkinçilik beripdir.
Öz döwründe tutuş Russiýa imperiýasynyň çäginde iň kuwwatly gidroelektrik desga bolan bu stansiýa geljek ýylda 110 ýaşaýar. Ol Türkmenistanyň çäginde uly derýa-akabalaryň ugrunda gurlup, ulanylan şeýle stansiýalaryň içinde iň iri we işjeň ýagdaýda saklanyp galan ýeke -täk desgadyr.

Gidroelektrik stansiýada Wengriýanyň «Ganz» firmasy tarapyndan öndürilen her biriniň kuwwaty 0,4 MWt bolan 3 sany gidroturbina oturdylan. 1980-nji ýylda geçirilen ýeňil bejergini hasap etmeseň, bu agregatlar ulanyşa goýberilen gününden bäri kadaly işleýärler. Stansiýanyň 1009-njy ýylda gurluşygy tamamlanan maşyn zalynyň binasy, şeýle-de 1895-nji ýylda galdyrylan Hindiguş bendiniň özü-de şu günlere çenli başdaky durkuny ýitirmän saklaýar.
Hormatly Arkadagyň öz çykyşynda bu gidrodesgany «Özboluşly muzeý» diýip atlandyrdy. 110 ýyl bäri ulanyşda durýan agregatlaryň, üstünden asyr geçen agaç şkaflaryň, stollaryň, demir oturgyçlaryň we gaýry mebelleriň arassalygy, abatlygy, ýere düşelen owadan kafelleriň ýekeje şikessiz lowurdap durmagy bu ýere gelenleri haýran galdyrýar. Stansiýanyň agregatlary bilen bile getirilen dürli ölçegdäki we görnüşdäki açarlardyr gurallar, tehniki edebiýatlar hem edil müzeý eksponatlary ýaly aýawly saklanylýar.
Bütin zähmet ýoluny şu desga bilen baglan Atajan Şanow diňe bir Hindiguş stansiýasynyň ussasy hökmünde däl-de, eýsem ussat bagban hökmünde hem tanalýar. Onuň tagallasy bilen ýetişdirilen, kemsiz ideg edilýän seýrek baglar we güller stansiýanyň daş-töweregini janly tebigat muzeýine meňzedýär. Murgap jülgesine myhmançylyga gelýän adamlar, daşary ýurtly syýahatçylar we ýerli ýaşaýjylar bu könelmeýän iň uzak ýaşly desgany we gözel künjegi synlamakdan uly lezzet alýarlar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67324/tehniki-pikirin-yadygarligi