«AHAL» TOPARY «ALTYN ASYR» TOPARYNDAN 7 UTUK ARTYKMAÇLYGYNY SAKLADY
«Ahal» topary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň jemleýji oýnunda çempionlyk ugrundaky göreşde esasy bäsdeşi «Altyn asyr» topary bilen 0:0 hasabynda deň oýnap, 7 utuk artykmaçlygyny saklap galdy.
Ýurdumyzyň öňdebaryjy toparlarynyň duşuşygy Büzmeýin etrabyndaky sport toplumynyň stadionynda geçirildi. Ýurdumyzyň 8 gezek çempiony «Altyn asyr» topary ýeňiş gazanan bolsa «Ahal» topary bilen utuk tapawudyny dörde getirip biljekdi. Ýöne bu oňa başartmady.
Bu oýun toparlaryň şu möwsümdäki üçünji duşuşygy boldy. Olaryň birinji aýlawdaky duşuşygy 1:1 hasabynda deň tamamlanan bolsa, ikinji aýlawyň oýnunda «Ahal» 2:1 hasabynda utupdy.
16 tapgyrdan soň «Ahalyň» 42, «Altyn asyryň» 35, «Köpetdagyň» 25 utugy bar. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 17-nji tapgyry 30-njy oktýabrda «Köpetdag» – «Nebitçi», «Merw» – «Aşgabat» we «Ahal» – «Energetik» klublarynyň oýny bilen başlanyp, 31-nji oktýabrda «Şagadam» – «Altyn asyr» toparlarynyň duşuşygy bilen hem jemlener.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67353/ahal-topary-altyn-asyr-toparyndan-7-utuk-artykmaclygyny-saklady