«ÝYLYŇ TÜRKMEN EDERMEN ALABAÝY» ATLY HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ IKINJI TAPGYRY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilmegi ýola goýlan Türkmen alabaýynyň baýramy şu ýyl ilkinji gezek 30-njy oktýabrda bellenip geçiler. Şu mynasybetli 26-30-njy oktýabr aralygynda baýramçylyk mynasybetli dürli çäreleriň guralmagy hem meýilleşdirildi. Şol çäreleriň hatarynda şu gün «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde guralan «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň häzirki 2-nji tapgyryna birinji tapgyrda ýeňiji diýlip saýlanan türkmen alabaýlary gatnaşdyryldy.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilýän türkmen alabaý itleriniň arasynda her ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi ýola goýlan halkara bäsleşiginiň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýan, wepalylygyň, edermenligiň, batyrlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen alabaý itleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakdan ybaratdyr.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyryna gatnaşdyrylan türkmen alabaý itleriniň 20-sinden eminler toparynyň agzalarynyň iň ýokary bahasyna mynasyp bolan 10-sy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda bolsa şol 10 alabaýdan iň ýokary baha mynasyp bolan 1 türkmen alabaýy Halkara bäsleşiginde1-nji orny eýelän ýeňiji diýlip yglan ediler we oňa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen at berler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy gowşurylar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67371/yylyn-turkmen-edermen-alabayy-atly-halkara-baslesiginin-ikinji-tapgyry-gecirildi