TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

photo

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan halkara terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarýar. Ynsanperwerligiň iň belent taglymlaryndan ugur alyp we halklaryň parahatçylykly ýaşamagynyň umumy kabul edilen kadalaryna esaslanyp, biz dünýä bileleşigine bu apata garşy göreş alyp barmakda ýardam bermäge hemişe ygrarly bolup galýarys” diýlip, hatda nygtalýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67417/turkmenistanyn-milli-genesinin-halk-maslahatynyn-baslygy-eyranyn-prezidentine-gynanc-bildirdi