ÇEPER TIKIN ÖNÜMLERINE ISLEG ÝOKARLANÝAR
Dokma senagaty pudagynda netijeli işleýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki 150 orunlyk tikin fabrigidir. Bu ýerde çeper elli ezber tikinçileriň onlarçasy zähmet çekýär.
Ýylyň-ýylyna özleriniň tutanýerli zähmeti bilen ýokary iş görkezijilerine eýe bolýan ussat tikinçiler şu ýylyň geçen dokuz aýyny guwandyryjy üstünliklere beslediler. Has takygy, bereketli tikinçiler iş meýilnamanyň 138 göterim berjaý edilendigini muňa aýdyn nyşany bolup durýar.
Bereket tikin fabriginiň çig maly bolan matanyň öz ýurdumyzda öndürilýänligem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Önümçilige zerur bolan matanyň ýyllyk möçberem 1140 tonna deňdir.
Şeýle-de agzybir kärhanada tejribeli tikinçileriň ösen häzirkizaman enjamlarynda öndürýän dürli görnüşli çeper önümleriniň meşhurlygy barha artýar.
Şu günlerde hem bereketli zähmetsöýer tikinçiler durmuş--önümçilik maksatly edaralaryň buýurmalary esasynda has-da döredijilikli zähmet çekýärler. Ýokary hil derejesinde taýýarlanan tikin önümleri hem sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67398/ceper-tikin-onumlerine-isleg-yokarlanyar