«GUWLYDUZDA» DUZ ÇYKARYLYŞY ARTÝAR
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynda çykarylýan nahar duzuň möçberleri sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrýar.
Tutuş ýurdumyzda öndürilýän duzuň ähli möçberlerini taýýarlaýan kärhananyň agzybir hünärmenleriniň iş alyp barýan zähmet meýdançasy diňe biziň döwletimizde, ýa sebitde däl, eýsem bütin dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen ýerleriniň biri hasaplanýar.
Geçen ýyllarda kärhanada döwrebaplaşdyryş işleriniň geçirilmegi netijesinde bu ýerde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Has takygy, kärhananyň binýadynda täze önümhananyň işi ýola goýuldy. Munuň özi, kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatyny nahar duzuny öndürmekde 40 müň tonna, gerdejik görnüşli tehniki duz babatda bolsa 2500 tonna çenli ýetirmäge şert döretdi. Esasy zat hem hususy işewürlerimiz tarapyndan durmuşa geçirilen şeýle işler «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň baýry önümçilik kärhanasynda öndürilýän önümleriň hil derejesine oňyn täsirini ýetirdi.
Ylmy maglumatlaryň tassyklamagyna görä, tebigy kölüň uzynlygy 60 kilometre, günorta tarapynyň giňligi bäş kilometre, demirgazyk tarapynyň giňligi üç kilometre çenli uzalyp gidýär. Şunuň ýaly giňişlige ýaýylyp gidýän tebigy kölde duz alynýan gatlagyň galyňlygy üç metre çenli ýetýär. Üstki iki metre çenli çuňlukdan alynýan duz gatlagynyň üstünden birnäçe ýyllaryň geçmegi bilen öňki kaddyna gelýändigi haýran galdyrýan hakykatdyr. Hut şonuň üçinem tebigy köl nahar duzunyň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Guwly duz käninde tebigy ýagdaýda toplanýan nahar duzy senagat taýdan gaýtadan işlenilende hem jana juda ýaramly bolup, ygtybarly hil derejesi bilen tapawutlanýar.
Kärhananyň taýýarlaýan tehniki duzlary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda, dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda, ýyladyş ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmakda hem-de beýleki köp sanly ugurlarda giňden peýdalanylýar.
Uly üstünliklere eýe bolýan «Guwlyduz» kärhanasynyň zähmet topary şu ýylyň geçen dokuz aýyny hem oňat zähmet görkezijileri bilen jemlediler. Şeýlelikde, kärhana boýunça senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin gazylyp alynan duzuň umumy möçberi 72500 tonna ýetip, degişli meýilnama 103,8 göterim berjaý edildi. Şu döwürde däneli duz öndürmegiň iş meýilnamasyna hem 105,9 göterim hötde gelindi. Bu bolsa önümiň 60900 tonnasyna derek 64510 tonnasynyň çykarylandygyny görkezýär. Umumy gaplanan nahar duzy hem 23276 tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 147,2 göterime deň boldy.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67429/guwlyduzda-duz-cykarylysy-artyar