AŞYR HOJATOW – ZEHINLI DIRIŽÝOR
Şu ýyl tanymal türkmen dirižýory Aşyr Hojatowyň 70 ýaşy dolýar. A. Hojatow hakynda dogan-garyndaşlary, ýakyn dostlary: «Ýaşy ýetmişe ýetse-de, kalby ýaş» – diýýärler. Adamlaryň berýän şeýle bahasy A. Hojatowyň zähmet we durmuş ýoluna kybap gelýär. Tejen etrabynyň sähralarynda hemişe şadyýan aýdymlary aýdyp ýören ýigdekçe olary döredenleriň kimdigi barada pikirem etmeýärdi. Wagtyň geçmegi bilen Aşyryň özi hem sazanda, özem ýöne bir sazanda-da däl, eýsem dirižýor, Türkmenistanyň halk artisti boldy.
Ol mekdepde okaýarka dutar çalardy, soňra Aşgabadyň Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde tejribeli kompozitor we hor dirižýorlygy boýunça mugallym Genrih Stanislawowiç Držewskiden sapak aldy. Aşyr aganyň özüniň aýtmagyna görä, Držewskiý onda kär ussatlygyna öçmez söýgi döredipdi.

Milli konserwatoriýanyň hor dirižýory kafedrasynyň talyby döwri Aşyr Hojatow simfoniki orkestriň dirižýory hünärini edinmek barada gutarnykly netijä gelýär. Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory O. Berdiýew ýaş sazandany orkestriň ikinji dirižýorlygyna çagyranda onuň arzuwy hasyl bolýar.
Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortasynda A. Hojatow Sankt-Peterburgda tanymal dirižýor, «Gadymy we häzirkizaman sazlary orkestriniň» ýolbaşçysy E. Serowdan hünär öwrenýär. Serowdan alan sapaklary Hojatowyň kärine ussatlyga getirýär. Şol ýyllar Hojatow dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň eserlerinden ondan gowrak konserte dirižýorlyk edýär.
Sazşynaslaryň köpüsiniň aýtmagyna görä, Hojatowyň işläp başlamagy bilen türkmen milli saz medeniýetiniň ösüşiniň täze döwri başlanýar. Dirižýoryň her ýyl baýlaşýan repertuary saldamly saz mirasyna öwrülip ugraýar. Türkmenistanly saz muşdaklaryny dünýä nusgawy sazlarynyň ençemesi – P.Çaýkowskiniň bäşinji simfoniýasy, D. Şostakowiçiň birinji we bäşinji simfoniýalary hem-de beýlekiler bilen ilkinji tanyşdyranlaryň biri-de A. Hojatowdyr. Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr dürli ýurtlarda gastrollarda bolanda amerikan, fransuz, awstriýaly, gazak we beýleki milli kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetiripdi.

Tanymal türkmen kompozitorlary H.Allanurow, W.Muhadow, S. Tüýliýew Aşyr Hojatowyň ussatlygyna baha berip, onuň her bir eseri jikme-jik öwrenýändigini we sazandalaryň dirižýoryň içki duýgylaryny duýmagyny gazanýandygyny belleýärdiler. Ol hemişe sabyrly we sowukganly, onuň üçin uşak zat ýok, ol eser çalnanda zerur, ýöne partiturada görkezilmedik ownujak öwrümleri-de duýmagy başarýar. Mundan başga-da, A. Hojatow eseriň nähili tempde ýerine ýetirilmelidigini inçelik bilen duýup bilýär.
Geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan bäri A. Hojatow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestrine ýolbaşçylyk edýär. Ýaşlar bilen işlemek dirižýor we kompozitor A. Hojatowy özüne çekýär hem-de joşdurýar. Bu hem onuň zähmetsöýerliginiň we ussatlygynyň nyşanydyr. Dogrudan-da, ol 70 ýaşasa-da, onuň kalby henizem ýaş.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67435/asyr-hojatow-zehinli-dirizyor