«AHAL» BILEN «ŞAGADAM» FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTAN-2022 KUBOGYNYŇ FINALYNA ÇYKYP BILJEKDIGINI MÄLIM ETDILER

photo

«Ahal» we Türkmenbaşynyň «Şagadamy» futbol boýunça Türkmenistan-2022 kubogynyň finalyna çykyp biljekdigini mälim etdi. Ýarym finalyň ilkinji oýunlarynda olar garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Kubogyň häzirki eýesi «Şagadam» öz meýdançasynda «Aşgabat» toparyny ýeňlişe sezewar etdi – 3:0. Bu duşuşykda Mekan Aşyrow (44-nji minut), Kerim Hojaberdiýew (58-nji) we Yhlas Magtymow (73-nji) gol geçirdiler.

«Ahal» bolsa myhmançylykda esasy garşydaşy «Altyn asyry» 2:1 hasabynda utdy. Üç gün mundan öň bu toparlaryň Türkmenistanyň çempionatynyň çäginde paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda duşuşandygy bellärliklidir. Şonda toparlar deň oýnadylar – 0:0.

Bu gezek «Ahal» toparyňky şowly boldy. Ol Didar Durdyýewiň (13-nji we 25-nji minut) geçiren iki goly netijesinde, oýnuň birinji ýarymyndan soň öňde barýardy. 56-njy minutda Furkat Tursunowyň («Altyn asyr») we Meýlis Diniýewiň («Ahal») birbada oýundan çykarylmagy sebäpli, iki topar hem doly däl düzümde galdy. 65-nji minutda Yhlas Toýjanow bir jogap topuny geçirdi. Emma Türkmenistanyň häzirki 8 gezek çempiony ýeňlişden halas bolup bilmedi.

Bu toparlaryň kuboga barýan ýollarynyň finalçynyň ykbalynyň bir oýunda çözülýän ýarym finalda kesişendigi-de bellärliklidir. Şonda «Ahal» 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmak bilen, «Altyn asyry» oýundan çykarypdy.

Bu ýyl Türkmenistanyň kubogynyň finalçylary iki oýnuň netijelerine görä kesgitlener.

Ýarym finalyň jogap oýunlary 22-nji noýabrda bolar.

11-nji dekabrda Türkmenistan-2022 kubogynyň ýeňijisi yglan ediler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67441/ahal-bilen-sagadam-futbol-boyunca-turkmenistan-2022-kubogynyn-finalyna-cykyp-biljekdigini-malim-etdiler