«IMDATBOT» BILIM MERKEZI ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDA ROBOT TEHNIKASY BOÝUNÇA ILKINJI GEZEK ÝARYŞ GEÇIRDI

photo

Ýakynda «ImdatBot» bilim merkeziniň howandarlygynda Türkmenistanda ilkinji gezek çagalar robotçylygy boýunça toparlaýyn ýaryş geçirildi, oňa 14 ýaşa ýetmedik ýetginjekler gatnaşdy. Bäsleşigiň guramaçylarynyň karary bilen, ony «ImdatBot Cup 2022» ady bilen geçirildi.

Çagalaryna «janköýerlik etmek» üçin gelen ene-atalaryň sözlerine görä, ýaryşa gatnaşýanlaryň her biri oňa esli wagt bäri diýseň çynlakaý taýýarlanýan eken. Guramaçylar bäsleşige gatnaşjaklaryň ählisine onuň şertlerini öňünden iberdiler. Talaplar bolsa aňsat däldi.

Dalaşgärler şertli ýagdaýda hersi üç adamdan ybarat alty topara bölündi. Olaryň ählisi-de mümkin bolan gysga wagtda robotlary bilen çylşyrymly ýollary geçmelidi. Özi-de, A. Mommaýewanyň ýolbaşçylygyndaky eminler diňe bir robotlaryň belli bir ugur boýunça geçiş wagtyny yzarlamaly bolman, eýsem ýol ugrunda ýörite gurlan çöpleriň dogry göçürip-göçürmändiklerini-de bellemeli boldular.

Şowhunly geçen ýaryşlardan soň eminler netijeleri jemlediler we ýeňijileri kesgitlediler. Olaryň arasynda Agamyrat Sähedow, Wepa Abdyrasulow we Selim Täşliýew dagy-da bardy.

Ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar, diplomlar we pul baýraklary berlendigi baradaky şahadatnamalar bilen sylaglamak dabarasyndan soň ýaryşa gatnaşanlaryň hemmesi dabaraly ýagdaýda surata düşürildi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67472/imdatbot-bilim-merkezi-yetginjeklerin-arasynda-robot-tehnikasy-boyunca-ilkinji-gezek-yarys-gecirdi