img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LATWIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Egils Lewitse we ýurduň ähli halkyna Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Egils Lewitse berk jan saglyk, rowaçlyk, Latwiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)