img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)