img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA ÇÄRELERIŇ MEÝILNAMASY TASSYKLANDY

photo

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ugry boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde şu Meýilnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy (turkmenistan.gov.tm)