AŞGABAT TÄZE ÝYLYŇ ÖŇÝANYNDA BAÝRAMÇYLYK ÖWÜŞGININE BESLENDI
Türkmenistanyň ak mermere beslenen paýtagtyny ýetip gelýän Täze ýylyň öwüşginleri gurşap aldy, yşyklandyryjy serişdeleriň ýagtylygy Aşgabady bezedi. Agşamyň düşmegi bilen yşyklar ýagty saçýar we şäher dessine täsin ertekä meňzeýär.
Baýramçylyk görnüşleri merkezi meýdançalarda, uly şaýollaryň ugurlarynda, seýilgählerde we şäheriň her künjeginde şugla saçýar. Täze ýyl yşyklarynyň jadylaýjy öwüşgini ýurdumyzyň ýetip gelýän Täze – 2023-nji ýyly şatlykly hem-de şowhunly garşylamaga taýýardygyndan habar berýär.


Häzir Aşgabatda gyş baýramyny duýmak üçin hökman baryp görmeli gyzykly we owadan ýerler örän köp.
«Älem» medeni-dynç alyş merkezinde däp boýunça ýurdumyzyň Baş arçasy gurnaldy. Şu ýyl onuň beýikligi 43 metre deň boldy.


Dürli-dürli bezeg we yşyklandyryjy serişdeleriň müň dürli görnüşleri bilen bezelip şugla saçýan owadan Täze ýyl arçasynyň ýanynda şowhunly çäreleri geçirmäge hem-de bu ýerde surata düşmäge türkmen paýtagtynyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary gelýärler.
Täze ýylyň öň ýanynda Aýazbaba hem-de Garpamyk Aşagabat şäheri boýunça gezelenç edip, ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdylar. Şol bir wagtda iri söwda merkezleriniň, şäheriň kärhanalarynyň we guramalarynyň, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda hem arçalaryň yşyklary şugla saçdy.


Paýtagtymyzyň merkezindäki «Ylham» seýilgähinde hem baýramçylyk yşyklary çarýana nur saçdy. «Ylham» seýilgähi şäher ýaşaýjylarynyň gezelenç etmegi üçin söýgüli ýerleriniň birine öwrülip, tanalmaz derejede özgerdi. Seýilgähiň merkezinde hakyky baýramçylyk şäherçesi ýaýbaňlandy, onuň esasy bezegi hem owadan gurnalan belent arça boldy.
Seýilgähde ertekilerdäki gahrymanlara hem-de Täze ýylda hemmeleriň garaşýan Aýazbabasyna duşmak bolýar.


Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem Täze ýyla bagyşlanan owadan görnüşler emele getirildi. Täze ýyl gijesi bu ýerde baýramçylyk konserti we estrada aýdymçylaryň çykyşlary bolýar.
Täze ýylyň gelmegine örän az wagt galdy, eger sizde heniz baýramçylyk fotosuratlaryňyz ýok bolsa, onda Täze ýyla beslenen Aşagabat şäheri boýunça gezelenje çykyň! Ýadygärlik surata düşüp, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda arzuw edip bolar we şol arzuwyňyz geljek ýyl hökman hasyl bolar!

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/68803/asgabat-taze-yylyn-onyanynda-bayramcylyk-owusginine-beslendi