TÜRKMENISTANDA TÄZE ÝYL SÖWDA NOKATLARY IŞLÄP BAŞLADY

photo

Tutuş Türkmenistan boýunça açylan Täze ýyl ýarmarkalary sizi Täze ýyl baýramynyň duýmaga we dürli-dürli sowgat satyn almaga çagyrýar.

Bu günler uly söwda merkezlerinde, dükanlarda we bazarlarda azyk bolçulygy höküm sürýär. Söwda tekjelerinde miwedir gök önümleriň, ýurdumyzda öndürilen süýji-kökeleriň, şiredir gazlandyrylan içgileriň, täze bişirilen we konserwlenen önümleriň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Ozal habar berlişi ýaly, «Hasar» hojalyk jemgyýeti ýörite Täze ýyl üçin 200 müňden gowrak şirin sowgat toplumyny çykardy. Ýurdumyzyň dokma kärhanalary 2023-nji ýylyň nyşany bilen özboluşly matadan sowgatlar taýýarladylar.

Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda Arça bazarlary açyldy, bu ýerde gök öwsüp duran hakyky arça ýa-da emeli Täze ýyl arçasyny satyn almak bolýar. Arça agaçlaryny bezemek üçin oýunjakdyr jäjekleriň-de dürli görnüşleri bar. Bular ýüzüne dürli suratlar çekilen aýna toplar, oýnawaçlar, ýagtylyk çykarýan diodly bezegler, çyralar we başga-da köp zatlardyr.

Her dynç güni Aşgabatda türkmen hünärmenleriniň we tikinçileriniň el işlerini hödürleýän Täze ýyl sowgat ýarmarkalary geçirilýär. Hünärmenler jaýlaryň içi we daşy üçin ýasalan gaýtalanmajak bezeg önümlerini, elde ýasalan gurjaklary, şeýle hem “Towşan”, “Aýazbaba” we beýleki baýramçylyk nyşanlarynyň şekilindäki mymyk kökelerini hödürleýärler.

Baýramçylyk önümlerinden doly Täze ýyl bazarlary Täze ýyl girýänçä işlär. Şonuň üçin-de her kimiň özi, garyndaşlary, ýakyn-ýaranlary we kärdeşleri üçin amatly bahadan sowgat almaga heniz wagty bar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/68908/turkmenistanda-taze-yyl-sowda-nokatlary-islap-baslady