DÖWLETLILER KÖŞGÜNDE TERBIÝELENILÝÄN ÇAGALARA TÄZE ÝYL SOWGATLARY GOWŞURYLDY
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi, onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ösüp gelýän ýaş nesliň abadançylygyny hem-de sazlaşykly ösüşini, olaryň saglygynyň berkidilmegini üpjün etmek, döwrebap bilim almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan we üstünlikli durmuşa geçirilýän, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna we milli ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Ýurdumyzda howandarlyga mätäç çagalar üns-alada bilen gurşalandyr. Bu ugurda türkmen halky asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilýän anyk ýörelgeleri işläp taýýarlady. Häzirki wagtda bu ýörelgeler howandarlyga mätäç çagalaryň goraglylygynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmeginiň hukuk kepillikleriniň toplumynda, şeýle hem aýratyn durmuş goldawyna, olaryň özbaşdak durmuşa taýýarlanylmagyna gönükdirilen ykdysady hem-de beýleki anyk çärelerde öz beýanyny tapýar.





https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/68974/dowletliler-kosgunde-terbiyelenilyan-cagalara-taze-yyl-sowgatlary-gowsuryldy