TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI 2023-NJI ÝURDUŇ JIÖ-NIŇ ÖSÜŞ DEPGININI 6,5 GÖTERIME ÝETIRMEGI TABŞYRDY

photo

Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmegi tabşyrdy, ol 2022-nji ýylda 6,2 göterim boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Hökümetiň öňünde şeýle wezipe goýdy.  Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şu ýyl täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek we ýurdumyzyň JIÖ-niň düzüminde hususy pudagyň paýyny (ÝET-ny hasaba almazdan) 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.

 «Geçen ýyl  maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76  sany önümçilik  we   durmuş-medeni maksatly desgany ulanmaga berdik. Biziň başarjaň daýhanlarymyz  

geçen ýyl  bol  hasyl alyp,  ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler» -diýip Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýurduň JIÖ-niň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmegi tabşyrdy (turkmenistan.gov.tm)