TÜRKMEN TENNISÇILERI DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNYŇ SAÝLAMA ÝETGINJEKLER ÝARYŞYNA (U-14) ÝEŇIŞ BILEN BAŞLADYLAR

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary Kolomboda (Şri-Lanka) başlanan tennis boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýetginjekler ýaryşyna (U-14) Makaonyň ýygyndy toparyny ýeňmek bilen girişdi. Bäsleşige 15 ýurt: Bangladeş, Indoneziýa, Yemen, Kamboja, Gyrgyzystan, Liwan, Makao, Malaýziýa, Mongoliýa, Nepal, Saud Arabystany, Singapur, Türkmenistan, Şri-Lanka we Okeaniýa ada döwletleri gatnaşýar.
«AA»-nyň habarçysyna Türkmenistanyň Milli tennis federasiýasynda habar berlişi ýaly, 14 ýaşa çenli oýunçylar üçin BTF Bütindünýä ýetginjekler tennis ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda şular çykyş edýärler: ilkinji nomerler Aşgabat tennis akademiýasynda Miraly Gasanowdan tälim alýan Imran Ahundow bilen Ilima Guseýnowa. Zenanlar toparynda I. Guseýnowadan başga-da Natalýa Martynowa (Ýewgeniý Molçanowyň şägirdi) we lebaply türgen Sabrina Rahmanowa (Oksana Romanenkodan tälim alýar); erkekler toparynda I. Ahundowdan başga-da Selim Çagylow (Jennet Hallyýewanyň şägirdi) we Resul Mämmetgurbanow (Ummarahmat Hümmedowanyň şägirdi) bar.
Zenanlar toparynyň kapitany Türkmenistanyň iň ezber tennisçisi Ýuriý Rogusskiý, erkekler toparynyň kapitany bolsa sport ussady, milli derejedäki emin Andreý Dowmatow. Türkmenistanyň Şri-Lankadaky wekiliýetine Igor Zubkow ýolbaşçylyk edýär.
Bäsdeşler dört topara bölünýärler. Türkmenistanyň zenanlar topary Gyrgyzystanyň, Indoneziýanyň we Makaonyň ýygyndy toparlary bilen bilelikde «B» toparyny döretdi, Türkmenistanyň erkekler topary bolsa Kamboja, Makao we Saud Arabystany döwletlerinden gelen garşydaşlary bilen bilelikde «D» toparyny döretdi.
Toparyň ýeňijileri pleý-offa çykarlar.
Birinji tapgyrda iki toparymyz hem Makaonyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.
Gyzlardan Ilima Guseýnowa garşydaşy Wu Hong-a ýekeje döwem bermedi – 6:0, 6:0. Natalýa Martynowa bolsa Leoň Emma Hoý Tuňy 6:1, 6:1 hasabynda utdy. Üçünji duşuşykda Sabrina Rahmanowa bilen Ilima Guseýnowanyň jübüti Wu Hoň Taý bilen Leoň Emma Hoý Tuňy 6:0, 6:3 hasabynda ýeňdi.
Ýigitlerden Imran Ahundow Ça Çeň Ýuny 6:1, 6:3, Selim Çagylow Ho Si Loňy – 6:3, 6:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, jübütleýin oýunda Imran Ahundow bilen Selim Çagylow Ça Çeň Yudan we Ho Si Loňdan üstün çykdy – 6:1, 6:2.
14 ýaşa çenli ITF Dünýä ýetginjekler tennis ýaryşy 18-nji fewralda Kolombo şäherinde tamamlanar.