TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYLYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN TELEFON GEPLEŞIKLER BARADA

Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredildi.

Hususan-da, taraplar iki ýurduň işewürler birleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda alnyp barylýandygyny belledi.

Telefon söhbetdeşligi Ysraýyl tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Türkmenistan bilen Ysraýylyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon gepleşikler barada (mfa.gov.tm)