TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 27 MILLION 372 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, nah ýüplük, nah we jinsi matalary, şeýle hem buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 372 müň dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 372 müň dollaryndan gowrak boldy (turkmenistan.gov.tm)