RAHAT WE HOWPSUZ DURMUŞA NIÝETLENEN ŞÄHER
Soňky ýarym ýylda gazanylan üstünlikleriň arasynda halkara güwänamalaryň we baýraklaryň 21-si bilen sylaglanan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň açylmagynyň aýratyn ähmiýeti bar. Ol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, onuň halkyň ýokary durmuş derejesine ymtylyşynyň toplumlaýyn görkezijisine öwrüldi. Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilip geçilişi ýaly, ýerli gurluşykçylaryň bary-ýogy dört ýylda şeýle şäheri kemala getirmegi halk hojalygynyň kuwwatyny görkezýär, ol soňky ýyllarda Garaşsyz Watanyň ösüşi üçin edilen beýik işleriň subutnamasydyr.
Şäheriň gurluşygynda iň ösen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy, jemgyýetçilik ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, onda ýaşyl zolaklaryň we sanly dürli hyzmatlaryň döredilmegi ilat üçin amatly hem-de howpsuz durmuşy üpjün eder. DÖM 11 «Durnukly şäherler we ilatly ýerler» hut şu şertleri şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, ýaşaýşa ukyplylygyny we daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Arkadag şäheri bolsa bu ählumumy maksady durmuşa geçirmek üçin mynasyp nusgadyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň çaklamasyna görä, 2050-nji ýyla çenli adamzadyň üçden iki bölegi, ýagny 6,5 milliard adam şäherlerde ýaşar. Durnukly ösüşi gazanmak üçin bolsa şäher giňişlikleriniň gurluşygyny we dolandyrylyşyny düýpli özgertmek zerur bolup durýar. Şäherleriň durnukly ösüşini üpjün etmek wezipe we işewürlik mümkinçilikleriň döredilmegini, howpsuz we amatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik ulaglaryna maýa goýmagy, köpçülikleýin ýaşyl zolaklaryň döredilmegini we şäher meýilnamasynyň gowulandyrylmagyny, şeýle hem bu işlere ilatyň gatnaşmagyny üpjün etmegi aňladýar.
Adamzadyň ymtylýan durnukly geljegi ilatyň ähli gatlaklaryna niýetlenen şäher infrastrukturasyny, netijeli energiýa üpjünçiligini, ekologiýa taýdan arassa ulag ulgamyny we urbanizasiýanyň beýleki köp ugurlaryny talap edýär. DÖM-iň esasy maksatlarynda we görkezijilerinde: hemmeler üçin açyk we ekologiýa taýdan durnukly urbanizasiýa; şäherlerde we ilatly ýerlerde toplumlaýyn çemeleşmäni durmuşa geçirmek; ygtybarly we elýeterli ýaşaýyş jaýlaryna, durnukly ulag ulgamlaryna, howpsuz we hemmeler üçin açyk ýaşyl zolaklara we jemgyýetçilik ýerlerine elýeterliligi üpjün etmek; bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak; tebigy betbagtçylyklara garşy durmak ukyplylygy we ş.m. wezipeler göz öňünde tutulýar.
Rahat we howpsuz durmuşa niýetlenen şäher (turkmenistan.gov.tm)