TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi (turkmenistan.gov.tm)