TÜRKMENISTANYŇ TÄZE ÝOLLARY WE KÖPRÜLERI

Durmuş-ykdysady ösüş boýunça uzak möhletleýin maksatnamalara laýyklykda, Türkmenistan häzirki wagtda ýurdumyzy Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda ulag we logistika merkezine öwürmek üçin ençeme işleri durmuşa geçirýär.

18-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, halkymyzda ýol, köpri, bina gurmak hemişe sogap iş hasaplanýandygyny belledi.

Bu gün biz bu gadymy däplerimizi üstünlikli dowam edýäris.

Türkmenleriň gadymy däbiniň häzirki wagtda ýol aragatnaşyk desgalaryny we döwrebap binalary gurmakda üstünlikli durmuşa geçirilmegi hünärmenleriň we halkara guramalarynyň anyk ykdysady hasaplamalary bilen subut edilýär.

Mysal üçin, Ýewraziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti: täze görnüş» atly hasabatynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň iň uly ýol gurluşygynyň ýerleşýän Merkezi Aziýa sebitinde asfaltlanan ýollaryň uzynlygy boýunça iň uly öňegidişlige eýe bolandygy bellärliklidir. Göterim hasabyndan, köpçülikleýin ýol ulgamynyň uzynlygynyň ýokarlanmagy boýunça Türkmenistan birinji orunda durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan takmynan 14 müň kilometre barabar awtoulag ýollarynyň ulgamyny döwrebaplaşdyrýar we gurýar. Iki ýüze golaý köpri ulanylmaga berildi. Awtobanyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar.

Ýakyn wagtda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň Gündogar awtoýol ugrunyň düzüminden Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan awtomagistraly aýlag boýunça köpri üsti bilen geçelge taýýar bolar.

Türkmenistanyň demir ýollaryň ösüşine strategiki ähmiýet berýändigini belläp bolar.

Häzirki wagtda täze polat magistrallary we konteýner hyzmatlary döredilýär, olar bütindünýa ýük daşamagynyň integrirlenmegine mümkinçilik berýär.

Bu babatda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna uly orun degişligir.

24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýol gurluşyk işgärleri hem täze zähmet sowgatlary hem-de üstünlikleri bilen barjakdyklaryna şübhe ýok.

Türkmenistanyň täze ýollary we köprüleri (turkmenistan.gov.tm)