TÜRKMENISTANYŇ ÝYGYNDY TOPARYNYŇ FUTBOL BOÝUNÇA 2026-NJY ÝYL DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA SAÝLAMA ÝARYŞYNDAKY GARŞYDAŞLARY BELLI BOLDY
Eýranyň, Özbegistanyň milli ýygyndy toparlary, şeýle hem Gonkong we Butan toparlarynyň arasyndaky ilkinji saýlama ýaryşynyň ýeňijisi 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyrynda türkmen futbolçylary bilen bäsleşer. Bu ýaryşyň jemleýji bölümi ilkinji gezek üç ýurtda: ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Şu gün Kuala-Lumpurda ýerleşýän Aziýa futbol konfederasiýasynyň edarasynda geçirilen bije atyşlygyň netijesine laýyklykda, bu ýygyndylar «E» toparyny emele getirdiler.
46 toparyň gatnaşan bije atyşlygy iki tapgyrda geçirildi. Ilki bilen, FIFA reýtinginiň iň soňky nusgasyna görä, gowşak 20 topar 10-a bölündi: Owganystan – Mongoliýa, Mýanma – Makao, Singapur – Guam, Taýwan – Gündogar Timor, Gonkong – Butan, Indoneziýa – Bruneý-Darassalam, Kamboja – Pakistan, Ýemen – Şri-Lanka, Nepal – Laos we Maldiwler – Bangladeş. 2023-nji ýylyň 12-nji we 17-nji oktýabrynda öz meýdançalarynda we myhmançylykda geçiriljek iki oýnuň netijesi bilen kesgitlenjek birinji saýlama tapgyryň ýeňijileri indiki saýlama tapgyra gatnaşjaklara goşular.
Ikinji saýlama tapgyryň bije atyşlygynda ýygyndylar dört esasy topara bölündi. Türkmenistan Liwan, Täjigistan, Taýland, Demirgazyk Koreýa, Filippinler, Malaýziýa we Kuweýt bilen bilelikde üçünji topara düşdi. Oňa giren toparlar 9 saýlama topara bölündi. Netijede, Türkmenistan öz garşydaşlary bilen «E» topara düşdi.
Galan toparlaryň düzümi:
«A»: Katar, Hindistan, Kuweýt, Owganystan/Mongoliýa;
«B»: Ýaponiýa, Siriýa, Demirgazyk Koreýa, Mýanma/Makao;
«C»: Koreýa Respublikasy, Hytaý, Taýland, Singapur/Guam;
«D»: Oman, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Taýwan/Gündogar Timor;
«F»: Yrak, Wýetnam, Filippinler, Indoneziýa/Bruneý-Darassalam;
«G»: Saud Arabystany, Iordaniýa, Täjigistan, Kamboja/Pakistan;
«H»: BAE, Bahreýn, Ýemen/Şri-Lanka, Nepal/Laos;
«I»: Awstraliýa, Palestina, Liwan, Maldiwler/Bangladeş.
Toparlar 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry bilen 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny aralygynda öz meýdançalarynda we myhmançylykda alty oýundan oýnarlar.
Dokuz toparyň her birinden iň gowy iki ýygyndy topar 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna çykar. Onuň bije atyşlygy 2024-nji ýylda bolar. Bu döwürde 18 ýygyndy topar hersinde alty ýygyndy bolmak bilen, üç topara bölüner. Olar iki aýlaw oýnarlar we her toparyň iň gowy iki toparynyň gönüden-göni 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna laýyklygy belli bolar. Saýlama oýunlaryň dördünji tapgyrynda dünýä çempionatynyň ýene iki orny ugrunda oýnalar. Şeýle hem Aziýadan bir ýygyndy topar kontinentara pleý-offa çykar, bu ýerde 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň soňky iki orny üçin alty topar bäsleşer.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň ilkinji iki tapgyrynyň Saud Arabystanyda geçiriljek 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň saýlama oýunlary bilen utgaşdyrylandygyny bellemelidiris. Ikinji tapgyryň toparlarynda birinji we ikinji orny eýeleýän 18 ýygyndy topar Yklym çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanýar. Dünýä çempionatynyň saýlaw oýunlarynyň birinji we ikinji tapgyrynda ýaryşdan çykan toparlar 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogyna gatnaşmak ugrunda aýratyn kwalifikasiýada bäsleşer. Olara Demirgazyk Mariana adalarynyň ýygyndy topary hem goşular, bu ýurduň futbol federasiýasy FIFA däl-de, AFK girýär.
Indi toparymyzyň oýunlarynyň senenamasy belli boldy.
Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyny 2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda öz meýdançasynda Özbegistan bilen başlar. Ikinji tapgyrda ol 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Gonkong – Butan bäsdeşleriň ýeňijisi bilen oýnar.
Ikinji kwalifikasiýa tapgyrynyň galan dört oýny 2024-nji ýylda bolar. 21-nji martda Mergen Orazowyň şägirtleri Eýran bilen Tähranda, 26-njy martda bolsa öz ýurdumyzda jogap oýnuny oýnar. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň 5-nji ýaryşynda oýunçylarymyz 6-njy iýunda Daşkentde Özbegistan bilen duşuşar, 11-nji iýunda boljak jemleýji kwalifikasiýa oýnunda bolsa Gonkong – Butan bäsdeşleri ýeňijisi bilen öz meýdançasynda oýnar.