AŞGABAT ŞÄHERINIŇ HÄKIMLIGINE “DÖWLET GURLUŞYK” HOJALYK JEMGYÝETI BILEN ŞERTNAMANY BAGLAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we medeni merkezi 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Aşgabat şäheriniň häkimligine “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi (turkmenistan.gov.tm)