«DÖWLET GURLUŞYK» AŞGABAT ŞÄHERINDE TÄZE MEDENI MERKEZINI GURAR

Awgust aýynda Aşgabatda dört müň orunlyk köp ugurly medeni merkeziň gurluşygy başlar we 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanylmaga berler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzdaky gurluşyk bazarynda üstünlikli işleýän – «Döwlet Gurluşyk» hojalyk jemgyýetine paýtagtymyzyň täze desgalarynyň taslamasy we gurluşygy ynanyldy.

«Döwlet Gurluşyk» HJ 2010-njy ýylda esaslandyryldy we onuň medeni desgalary, mekdep-internat, çagalar baglaryny, kaşaň jaýlary, dynç alyş öýlerini, myhmanhanalary we beýleki desgalary gurmakda tejribesi bar.

Hojalyk jemgyýeti dört sany durmuşy we administratiw desgany gurmak bilen, täze Arkadag «akylly» şäheriniň döredilmegine hem gatnaşdy.

«Döwlet Gurluşyk» şol bir wagtyň özünde ýörite dizaýn we tehnologiýa, gözellik we özboluşlylyk hem-de amatlylyk bilen häzirki zaman binalaryny gurmagy iň möhüm wezipe hasaplaýar.

Iň berk we ýokary hil ülňülerine laýyk materiallary ulanýar.

Şeýle hem hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalarynda isleg bildirilýän ýylylyk we ses geçirmeýän, ýangyna garşy durnukly material bazalt süýümini öndürýän ýeke-täk öndüriji hökmünde tanalýar.

«Döwlet gurluşyk» Aşgabat şäherinde täze medeni merkezini gurar (turkmenistan.gov.tm)