TÜRKMENISTAN ÝAKYN WAGTDA GAZ ÖNÜMÇILIGINI 60 MILLIARD KUB METR ARTDYRMAGY MEÝILLEŞDIRÝÄR
R.Meredowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ägirt uly tebigy gaz baýlyklary we eksport gaz üpjünçiliginiň diwersifikasiýasy bar. Şol bir wagtyň özünde, energiýa öndürijisiniň, üstaşyr geçýän ýurduň we sarp edijiniň bähbitleriniň deňagramlylygyny saklamak Aşgabat üçin halkara energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ýörelgelerdir.
«Hut şoňa görä-de, şu günki duşuşykda türkmen tarapy gaz ulgamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi» diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy nygtady.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletli milli maksatnamalaryna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça dünýäniň iň uly tebigy gaz gory bolan «Galkynyş» gaz käniniň üçünji we dördünji tapgyrlaryny özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
«Bu nukdaýnazardan ýakyn ýyllarda Türkmenistanda tebigy gaz önümçiliginiň mukdaryny azyndan 60 milliard kub metr artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu tebigy gazyň barha artýan içerki islegini doly kanagatlandyrmaga we Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik döreder. Şol bir wagtyň özünde-de, iň ýakyn goňşulary bolan Özbegistana we Täjigistana türkmen gazyny bermek ileri tutulýar» diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy aýtdy.