Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Taraplar Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmak üçin ýaňy-ýakynda Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.