Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy.
Iri maliýe edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.
Şeýle-de Haýahsi Nobumitsu döwlet Baştutanymyzy “EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň bu sergide öz Milli gününi ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy waka bolandygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň toplanan oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasy ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegini, öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, nou-haularyň milli ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda ýapon kompaniýalary bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.
Ýaponiýanyň iri bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň netijeliligine ünsi çekip, öz ýurdunyň işewür düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Haýahsi Nobumitsa işinde üstünlikleri arzuw etdi.