Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Işewür ak mermerli Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň saparynyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada gepleşikleri geçirjekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi. “Toyo Engineering” korporasiýasy bilen Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu hyzmatdaşlygy geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuwa işinde üstünlikleri arzuw etdi.