Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem işewür Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Işewür Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyçlary bilen Türkmenistanda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan beýik işlerini Prezident Serdar Berdimuhamedow mynasyp dowam etdirýär, Milli Liderimiziň döreden ençeme ylmy işleri bolsa ýaşlar üçin uly mekdep we durmuşda ýol görkezijidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda başlan türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlary we kompaniýalary bilen deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň bähbidini hormatlamak däplerinden ugur alýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň uly goşandy bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kompaniýanyň Türkmenistanda energetika pudagynda we saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýasynyň täze tehnologiýalary we öndürijiligi ýokary enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine berk ynam bildirdi.

Işewür bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.