Hindistan Respublikasynyň Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda öz diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň häzirki ösüş derejesine ýokary baha berdiler.

Mähri Bäşimowa hanym Madhumita Hazarika Bhagata geljekki işlerinde üstünlikler arzuw edip, Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, Ilçi öz diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren işjeň goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi.