Türkmenistanyň we Uganda Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeje Odongonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ugandanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.