Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

photo

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklara hem garadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.