«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty

photo

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi.

Çäräniň dabaraly maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň baý medeni mirasyny we ykdysady mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi guraldy.

Myhmanlar Türkmenistanyň sergi bölüminde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, ykdysadyýetde gazanan üstünlikleri, milli taryhy-medeni gymmatlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary bilen tanyşdylar.

Şeýle-de bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Forumyň açylyş dabarasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň wekilleri Merkezi Aziýa bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow altytaraplaýyn işewürlik maslahatynyň giň wekilçilikli düzümde geçirilmeginiň meýillerden anyk hyzmatdaşlyga geçmegi alamatlandyrýandygyny aýdyp, formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.

Öňdebaryjy tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak, emeli aň, “ýaşyl” standartlar, energetika, ulag ulgamlary ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda energetika, ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, olaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine ygrarlylyk hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýar.

Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara söwdany işjeňleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň netijeli şertnama-hukuk binýadynyň döredilmeginiň möhümdigi bellenildi.

“Üstünligiň taryhy: ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky işewürlik mümkinçiliklerini ösdürmegiň usullary” ady bilen geçirilen plenar mejlisde ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalarynyň wekilleri iri maýa goýum, täjirçilik taslamalaryny durmuşa geçirmekde tejribelerini paýlaşdylar.

Iri infrastruktura başlangyçlaryny, şol sanda üstaşyr ulag infrastrukturasyny ösdürmek, maliýe hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmakda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň wajyp ornuna üns çekildi.

“ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky daşamalaryň ugurlaryny ösdürmek” atly ugurdaş mejlisde iri logistika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de degişli döwlet düzümleriniň wekilleri Merkezi Aziýany Demirgazyk Amerikanyň bazarlary bilen baglanyşdyrýan netijeli, ykdysady taýdan bähbitli, durnukly ulag-kommunikasiýa ugurlaryny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak” atly ugurdaş mejlisde emeli aň tehnologiýalaryny ykdysadyýetiň esasy ugurlaryna, şol sanda ony maliýe, oba hojalygy, energetika pudaklaryna, döwlet dolandyryşyna giňden ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

“Sanly ykdysadyýet arkaly özara baglanyşyk” atly mejlisde bilermenlerdir ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary sanly ulgamy sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmak hem-de inklýuziw ykdysady ösüşe ýardam bermek üçin netijeli gural hökmünde ulanmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

“Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna nädip maýa goýum goýmaly?” atly mejlis Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçilerini ABŞ-nyň bazaryna çykmagyň mehanizmleri bilen tanyşdyrmak üçin esasy meýdança boldy.

“Merkezi Aziýa nädip maýa goýum goýmaly?” atly ugurdaş mejlisde ABŞ-nyň maýadarlaryna we maliýe institutlaryna sebitiň çalt depginlerde ösýän bazarlarynda döredilen amatly şertlerdir mümkinçilikler barada hemmetaraplaýyn maglumatlar berildi.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “C5+1” formatynyň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda ykdysady dialogy çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança hökmünde möhüm ähmiýetini bellediler.