Türkmenistanyň we Jibuti Respublikasynyň daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Jibuti Respublikasynyň Daşary işler ministri Mahmud Ali Ýusuf bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşikleriň berşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik hem-de ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Ministrler halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler we parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi berkitmek meselelerinde garaýyşlaryň umumylygyny bellediler.
Şeýle hem taraplar 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.