Türkmenistanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýartonyň arasynda telefon arkaly gürrüňleşik boldy.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary derejedäki duşuşyklaryň we saparlaryň uly itergi berýändigi nygtaldy.
Taraplar abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň we Wengriýanyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.