Türkmenistanyň we Seýşel adalarynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşel Adalary Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Fore telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.
Söhbetdeşler iki döwletiň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Seýşel adalarynyň ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerine bolan çemeleşmeleriniň meňzeşdigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriler.