Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.
Dabaraly kabul edişlige Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň baştutanlary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyna taýýarlyk işleri barada maglumatlar ýetirildi.
Şeýle-de, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan TOPH gaz geçiriji, TOP elektrik geçiriji, demirýol, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy ýaly iri ykdysady taslamalara, owgan halkyna berilýän ynsanperwer kömeklere aýratyn ähmiýet berildi.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgylar görkezildi.